Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mir Husseýin Musawi Eýrany gowuşgunsyzlykda tankytlady


Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawi Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň “WikiLeaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan hatlarynyň Eýranyň goňşy ýurtlardan barha beter çetleşýändigini görkezýändigini aýdýar.

Mir Husseýin Musawiniň bu barada ýaýradan düýnki beýanatynda prezident Mahmud Ahmedinejat hem tankyt edilýär we onuň syýasatynyň Eýrany sebitde gowuşgunsyz ýagdaýa salýandygy aýdylýar. Musawiniň beýanaty düýn onuň öz internet saýtynda peýda boldy.

Amerikan diplomatlarynyň gizlin hatlarynda Pars aýlagyndaky arap liderleriniň birnäçesiniň, şol sanda, Saud Arabystanynyň patyşasy Abdyllanyň hem Birleşen Ştatlary Eýranyň ýadro programmasyny togtatmak üçin oňa garşy harby çäre görmäge çagyrandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG