Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda nämälimlik dowam edýär


Gyrgyzystanyň parlamentindäki nämälimlikleriň fonunda prezident Roza Otunbaýewa ýakynda Orsýetiň prezidenti bilen duşuşdy. Moskwa, 9-njy dekabr, 2010.
Gyrgyzystanyň parlamentindäki nämälimlikleriň fonunda prezident Roza Otunbaýewa ýakynda Orsýetiň prezidenti bilen duşuşdy. Moskwa, 9-njy dekabr, 2010.

Gyrgyzystanyň täze parlamentinde koalisiýa düzmek boýunça edilýän tagallalaryň uzaga çekmegi dürli çaklamalaryň döremegine sebäp bolýar.


7-nji dekabrda Gyrgyzystanyň kanun goraýjy gulluklarynyň Geňeşi parlamentiň işiniň şowsuzlygy sebäpli ilatyň arasynda närazylyklaryň we protestleriň döremek howpunyň bardygyny öňe sürdi.

Parlamentde koalisiýa düzmek boýunça jogapkärçiligiň geçen ýylyň iýunynda düýbi tutulan “Respublika” partiýasyna ynanylmagy köp howatyrlanmalary döretdi. “Sosial-Demokratik” partiýanyň bu ugurda eden ilkinji synanyşygy oňyn umytlary döredipdi.

30-njy noýabrda parlamentiň düzümine girýän bäş partiýanyň üçüsi, ýagny, “Sosial-Demokratik”, “Ata-Meken” we “Respbulika” partiýalary başda özara koalisiýa düzmek barada belli bir ylalaşyga gelipdiler. Emma bu ylalaşyk 2-nji dekabrda şowsuzlyga uçrady. Sebäbi parlamentiň agzalary “Ata-Meken” partiýasynyň ýolbaşçysy Ömürbek Tekebaýewiň parlamentiň başlygy wezipesine hödürlenmegini goldamadylar.

“Respbulika” partiýasy üçin uly synag

Indi “Respbulika” partiýasynyň ýolbaşçysy, 40 ýaşly telekeçi Ömürbek Babanow parlametdäki 120 ornuň iň azyndan 61-ni eýelemek üçin beýleki partiýalar bilen koalisiýa düzmäge synanyşýar. Ömürbek Babanowyň muny amala aşyrmak üçin 24-nji dekabra çenli wagty bar.

“Respublika” partiýasyndan parlamentiň agzasy Dosaly Esenalyýew bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biziň ‘Respublika’ partiýamyz parlamentiň ähli partiýalary bilen konsultasiýalary we gepleşikleri geçirýär”.

Bu mesele sosial-demokratlaryň hem amala aşyrmaga synanyşan meselesi bolupdy, emma ol başa barmandy. Ýöne Dosaly Essenalyýewiň aýtmagyna görä, “Respublika” partiýasy eýýäm beýleki partiýalar bilen öz aralarynda “umumy dil” tapypdyr. Esenalyýew, şeýle-de, “Respublika” partiýasynyň täze hökümeti düzmek ugrundaky tagallalarynyň üstünlikli boljakdygyna ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Merkezi Aziýa boýunça spesialist we “Freedom House” guramasynyň Gyrgyzystan boýunça ýyllyk hasabatynyň awtory Erika Maratyň aýtmagyna görä, “Respublika” partiýasynyň diňe iki partiýa bilen koalisiýa düzmek mümkinçiligi bar.

Erika Marat bu barada şeýle diýýär: “Häzirki ýagdaýlardan görnüşi ýaly, ‘Respublika’ partiýasy ‘Ata-Žurt’ we ‘Ar-Namys’ partiýalary bilen hyzmatdaşlyk eder. Şeýle bolmadyk halatynda, ‘Respublika’ partiýasy ‘Ata-Meken’ we hatda “Sosial-Demokratik” partiýany hem öz tarapyna çekibem, bilelikdäki koalisiýany düzüp bilmez. Eýsem, näme üçin ‘Ata-Meken’ partiýasy däl? Sebäbi, ‘Ata-Žurt’ ‘Ata-Mekene’ düýpgöter garşy. Hatda ‘Ata-Žurtuň’ käbir ýolbaşçylary ‘Ata-Mekeniň’ ýolbaşçylaryna bolan ýigrenjini gizlejek hem bolanoklar. Onda, ol bolmasa, näme üçin sosial-demokratlar däl? Munuň sebäbi bu partiýanyň ýolbaşçysy Almazbek Atambaýewde. Ol, megerem, koalisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmese, özüniň premýer-ministriň kürsüsini eýelemek mümkinçiliginiň ýokarydygyna ynanýan bolmaly”.

Ambisiýalar böwet bolýar

Parlamentdäki “Ata-Žurt” partiýasynyň 28 orny we “Ar-Namys” partiýasynyň 25 orny bilen “Respublika” partiýasynyň 23 orny ýurdy dolandyrýan koalisiýany düzmäge ýeterlik. Ýöne, muňa garamazdan, Merkezi Aziýa boýunça spesialist we Gyrgyzystan boýunça “Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatynyň awtory Erika Maratyň pikiriçe, partiýalaryň ýolbaşçylarynyň öz şahsy ambisiýalary çykalgasyz ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýar.

Almazbek Atambaýew we “Ar-Namys” partiýasynyň ýolbaşçysy Feliks Kulow dagy öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetinde premýer-ministr wezipesini eýeläpdiler.

Bakyýew aprel aýynda häkimiýetden çetleşdirildi. Iýunda geçirlen milli referendumyň netijesinde ýurduň täze konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurt prezident sistemasyndan parlament sistemasyna geçdi. Munuň bilen baglylykda häzir premýer-ministr wezipesi häkimiýetiň iň ýokary wezipesi bolup durýar. Şol sebäpli her kimiň bu wezipäni eýeläsi gelýär.

Erika Maratyň aýtmagyna görä, häzir “Respublika” partiýasy bilen “Sosial-Demokratik” partiýa bir aý mundan ozal ýüzbe-ýüz bolnan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Erika Marat: “Tekebaýewiň premýer-ministr bolmak isleginiň bir sebäbi ‘Respublika’ partiýasynyň käbir wekilleriniň onuň kandidaturasyna berk garşy duranlygydyr. Şol sebäpli olar koalisiýany bozmaga we partiýalaryň arasyndaky gazanylan ylalaşyklaryň ählisiniň üstüne atanak çekmäge taýýardylar. Hawa, bularyň ählisi şahsy bähbitlere direýär. Bu zatlar partiýalaryň ýolbaşçylarynyň öz partiýalarynyň parlamentdäki täsirlerini ulanyp, öz halaýan wezipelerini eýelemek üçin edýän işleri ” diýip, sözüni jemledi.

9-njy dekabrda prezident Roza Otunbaýewa Moskwada çykyş edip, şeýle diýdi: “Eger-de ‘Respublika’ partiýasyna koalisiýany düzmek başaratmasa, onda parlament sistemasynyň hem başa barmajakdygy diýemekdir. Eger bu synanyşyk-da başa barmasa, onda 15 iş gününiň dowamynda prezident häzirki parlamenti dargadyp, täze saýlawlary yglan etmäge borçludyr. Gyrgyzystanyň ilatynyň syýasy agdarylyşykdan soňky sabyr-takatynyň eýýäm gutarandygy göz öňünde tutulsa, täze saýlawlara çagyryş olaryň ýene-de köçä çykmagyna sebäp bolup biler”.
XS
SM
MD
LG