Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatdaky ylalaşykdan umyt köp


"TOPH gaz geçirijisiniň proýekt boýunça geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kubometr töweregi bolar".

"TOPH gaz geçirijisiniň proýekt boýunça geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kubometr töweregi bolar".

11-nji dekabrda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) proýekti boýunça gol çekilen hökümetara ylalaşygy region üçin nähili ähmiýete eýe bolup biler?


Aşgabatda geçirilen Sammitde baglaşylan bu ylalaşyga Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardari hem-de Hindistanyň nebit we gaz ministri Murli Deora gol çekdi.

Dokumente gol çekişlik dabarasyna proýektiň tehniki-ykdysady işleriniň sponsory Aziýa ösüş bankynyň prezidenti Haruhiko Kuroda hem gatnaşdy.

TOPH proýektiniň aýratynlygy

Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Gerat we Kandagar we Päkistanyň Kuwetta regionlarynyň üstünden geçip, Päkistan-Hindistan serhediniň Fazilka diýen ýerine çenli çekiljek gaz geçirijiniň proýekt boýunça geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kubometr töweregi bolar. Onuň umumy uzynlygynyň 1 müň 700 kilometr töweregi boljakdygy habar berilýär.

Aşgabatdaky Sammitde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň häzirki şertlerdäki ähmiýeti we regionyň durnuklylygyna ýetirjek oňaýly täsiri bellendi. G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, TOPH gaz geçirijisi diňe bir özara bähbitli energiýa we ykdysady proýekt bolman, ägirt uly syýasy ähmiýete eýe wakadyr hem.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý proýektiň sosial ähmiýetini belledi we onuň durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine we halklaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna itergi berjekdigini belledi. Karzaý proýektiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Owganystanyň zerur çäreleri amala aşyrjakdygyny hem wada berdi.

“New York Times” gazetiniň bellemegine görä, ABŞ-nyň resmi wekilleri 1995-nji ýyldan bäri gepleşilip gelinýän we ABŞ tarapyndan goldanylýan TOPH gaz proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ykdysadyýetine söýget boljakdygyna, şeýle-de regionyň esasy bäsdeş döwletleri bolan Päkistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna umyt bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Pannieriň pikirine görä, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýektini durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyga gol çekilmegi bir tarapdan gowy täzelik, sebäbi bu uzaga çeken gepleşiklerden soň, oňly netijä gelnenligini görkezýär. Emma ol gaz geçirijiniň howpsuzlygynyň esasy problema bolmagynda galýandygyny hem belleýär.

Turbanyň gaz bilen üpjünçiligi

Prezident G.Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky Sammitde eden resmi çykyşynda aýtmagyna görä, Türkmenistan dünýäde güýçli depginde ösýän ykdysdyýetli Päkistanyň we Hindistanyň tebigy gaza bolan uzak möhletleýin talaplaryny üpjün etmekçi.

Uly göwrümli proýekti onlarça ýyllaryň dowamynda üpjün etmek üçin Türkmenistanda ýeterlik gazyň bardygyny hem G.Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçiriji üçin çig mal çeşmesi hökmünde Türkmenistanyň Ýolöten gaz ýatagynyň ulanylmagy ähtimal diýlip, “Trend.az” agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Bu agentlik Türkmenistanyň prezidentiniň Sammitde eden çykyşynda 22 trillion kubometr gaz ätiýaçlygy bolan Ýolöten gaz ýatagynda garaşsyz halkara audit barlaglarynyň geçiriljekdigini mälim edendigini hem habar berýär.
XS
SM
MD
LG