Sepleriň elýeterliligi

“WikiLeaks”: "Bouygues" kompaniýasy üçin Türkmenistan “jennet”


“WikiLeaks” internet saýtynyň ýaýradan maglumatynda ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatlary tarapyndan ýazylan hatlardan birinde Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasy üçin Türkmenistanyň özboluşly bir “jennet” diýlip atlandyrylýandygy aýdylýar.

“WikiLeaks” internet saýtynyň bu maglumaty düýn Fransiýanyň “LeMonde” gazetinde hem çap edildi.

“WikiLeaks” Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň diplomatlarynyň Türkmenistanda boş ýatan binalaryň sanynyň juda köp bolmagyna garamazdan, näme üçin Aşgabatda ýene juda köp täze binalaryň gurulýandygy barada sorag goýýandyklaryny hem ýazýar.

Maglumata görä, ilçihanadaky diplomatlar tarapyndan bu mesele barada öňe sürlen pikirde ol binalaryň “sowgat”, ýagny, korrupsiýa bilen bagly bolup biljekdigine yşarat edilýär.
XS
SM
MD
LG