Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde içerki zorlukdan her sagatda bir rus aýaly ölýär


Orsýetiň hökümete degişli bolmadyk “ANNA” atly guramasy Orsýetde her 63 minutda bir rus aýalynyň içerki zorlukdan ölýändigini aýdýar.

Jemgyýetçilik guramasynyň hasaplamalaryna görä, her ýylda Orsýetde 650 müň aýal öz ärleri ýa-da beýleki garyndaşlary tarapyndan urlup-ýenjilýär.

“ANNA” atly bu topar ýurtda içerki zorluklaryň her ýylda 14 müň aýalyň ölümine sebäp bolýandygyny tassyklaýar. “ANNA” toparynyň resmisi Marina Pisklakowa “Frans-Press” habar agentligine beren interwýusynda bu görkezijiniň 1995-nji ýyldan bäri üýtgewsiz galýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG