Sepleriň elýeterliligi

Düýn Yrakdaky dürli hüjümlerde alty adam öldi


Düýn Yrakda aýry-aýry ýerlerde bolan hüjümlerde azyndan alty adamyň ölendigi habar berildi.

Maglumata görä, Bakubada janyndan geçen bombaçy şaýy musulmanlaryny nyşana alanda, 4 adam ölüp, 17-si ýaralanypdyr.

Bu wakanyň bolan wagty adamlar ýyllyk Aşura dessuryny bellemek üçin ýygnanan erkenler.

Düýn bu wakanyň fonunda Bagdadyň günortasynda milisiýa işgäriniň aýaly we gyzy öldürildi. Olar öýleriniň ýanynda ýarylan bombanyň pidasy boldular.

Yragyň Kerbala şäherinde polisiýa soňky iki günde 55 adamy tussag etdi. Olar şaýy musulmanlarynyň garşysyna hüjüm guramakda güman edilýärler.
XS
SM
MD
LG