Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin goşun üçin 646 milliard dollaryň harçlanjagyny aýdýar


Düýn Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin hökümetiň rus goşunyny döwrebaplaşdyrmak we gaýtadan ýaraglandyrmak üçin 2020-nji ýyla çenli 20 trillion rubl (646 milliard dollar) serişde goýberjekdigini aýtdy.

Putin bu barada Ak deňziň boýundaky Sewerodwinsk şäherinde, “SewMaş” gämi gurluşyk kärhanasynda eden çykyşynda belledi.

Ol döwrebaplaşdyryş programmasynyň strategiki ýadro güýçlerini, howa goranyş sistemasyny, aragatnaşygy, aňtaw gullugyny, “bäşinji nesil” atlandyrylýan söweş uçarlaryny we harby deňiz güýçlerini hem öz içine aljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG