Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks”: Täjigistan ABŞ bilen hyzmatdaşlyklara meýilli


“WikiLeaks” internet saýtynyň ýaýradan maglumatynda Birleşen Ştatlaryň diplomatik hatlarynda Täjigistanyň owgan gozgalançylaryndan abanmagy mümkin howpa garşy kuwwatlanmak hem-de ykdysady kynçylyklardan aýňalmak üçin ABŞ-nyň harby güýçlerine öz bazasyndan ýer bermäge höwes bildirendigi barada gürrüň edilýändigi aýdylýar.

Şu ýylyň 16-njy fewralynda iberilen we “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen hatda ýene Merkezi Aziýanyň iň bir garyp ýurdy hasaplanylýan Täjigistanda garyndaşparazlygyň we korrupsiýanyň hökümetiň ähli derejelerine ornandygy we ýurdy ösüşden saklaýandygy barada hem gürrüň edilýär.
XS
SM
MD
LG