Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýasy täze syýasy partiýa döredýär


Düýn rus oppozisiýa liderleriniň dördüsi täze syýasy partiýany döredendiklerini we ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçýowy hem özlerine goşulmaga yrjak bolýandyklaryny aýtdylar.

“RIA Nowosti” habar agentligi “Halklaryň azatlygy” atly partiýanyň indiki ýylyň parlament saýlawlaryna we 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny habar berýär.

Bu partiýa Kremliň öňden gelýän opponentleri bolan Wladimir Ryžkow, Boris Nemsow, Wladimir Milow we ýurduň ozalky premýer-ministri Mihail Kasýanow dagylar tarapyndan döredildi.
XS
SM
MD
LG