Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG “Türkmen derdine” baş galdyrýarmy?


W.Mämmedow: "ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletleri baradaky syýasaty bilen bagly sowallary hem gozgadyk".

W.Mämmedow: "ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletleri baradaky syýasaty bilen bagly sowallary hem gozgadyk".

ÝHHG-niň Astanadaky Sammitiniň öňüsyrasynda gurnalan hökümete degişli däl guramalaryň konferensiýasyna türkmenistanly aktiwistlerden diňe düýbi Gollandiýadaky “Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi” toparynyň başlygy Wýaçeslaw Mämmedow gatnaşdy. Azatlyk Radiosy onuň bilen ýörite söhbetdeş boldy.


Düýbi Gollandiýadaky “Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi” toparynyň başlygy W.Mämmedow
Azatlyk Radiosy: Wýaçeslaw, siz ÝHHG-niň Sammitiniň öňüsyrasynda gurnalan hökümete degişli däl toparlaryň adam hukuklary boýunça maslahatynda nähili meseleleri gozgadyňyz?

W.Mämmedow: Biziň guramamyz, esasan, syýasy tussaglar, hereket azatlygy we köpçülikleýin habar serişdeleri bilen bagly meseleleri gozgady. Şonuň ýaly-da, biz ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletleri baradaky syýasaty bilen bagly sowallary hem gozgadyk.

Biziň şol maslahatymyzda Merkezi Aziýadaky adam hukuklary problemalaryndan ünsi sowmaga çalşan käbir guramalaryň wekilleri hem tapyldy. Biz olara berk garşy durduk.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň kesgitlemegine görä, Merkezi Aziýanyň iki döwletinde “gazaply diktatura” bar. Meniň çykyşymy hökümete degişli däl toparlar goldady. Biz Günbataryň demokratik institutlarynyň, şol sanda ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletlerindäki syýasaty barada açyk aýtdyk. Ol petige dirän syýasat. Meniň şol syýasat baradaky çykyşym el çarpmalar bilen goldandy.

Azatlyk Radiosy: Syýasy tussaglar we metbugat azatlygy barada siz anyk nähili gürrüň etdiňiz?

W.Mämmedow: Biz ilkinji nobatda Türkmenistanda syýasy tussaglaryň hukuklary meselesiniň entegem çözülmändigi barada aýtdyk. 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän waka bilen bagly tussag edilenler türmede galýarlar. Şeýle-de, žurnalistler Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew dagylar hem türmede otyrlar.

Mundan daşary, biz syýasy tussaglaryň ählisiniň Owadandepedäki türmede saklanýandyklary barada habar berdik. Bu türmäniň şertlerini göz öňünde tutsak, biz ÝHHG-e degişli regionyň çäginde konsentrasion lageriň bardygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ol ýerde oturanlaryň diňe bir hossarlary bilen däl-de, aklawçylary bilen duşuşmagyna hem rugsat berilmeýär. Biz diňe konslagerlerde tussaglaryň öz aklawçylary bilen duşuşmaklaryna rugsat berilmändigini hem ýatladyk şu ýagdaý bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Siziň daşary ýurtly habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän türkmenistanly garaşsyz žurnalistleriň ýagdaýlary barada eden çykyşyňyza nähili reaksiýa boldy?

W.Mämmedow: Men olar baradaky çykyşymyza örän aktiw we gowy niýetli reaksiýa bolandygyny aýdyp biljek. Biziň çykyşymyzdan we türkmenistanly hökümete degişli däl toparlaryň 19 aktiwistiniň gol goýan ýüzlenmesiniň okalmagyndan soň, biziň bilen duşuşmak we hyzmatdaşlyk etmek islänler örän köp boldy.

Konferensiýasynyň arakesme wagtlary biziň bilen duşuşanlar ol ýa-da beýleki bir detallary anyklaşdyrmagymyzy soradylar. Bizem olara has jikme-jik jogap berdik.

Çünki bu sowallaryň ählisi barada maslahatda 10 minudyň içinde gürrüň etmek mümkin hem däldi. Biz maslahata gatnaşan adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň wekilleri, ÝHHG-däki ilçiler bilen hem duşuşdyk. Şol sanda, täze ýyldan ÝHHG-ä ýolbaşçylyk etjek Latwiýanyň ilçisi bilen, gysga bolsa-da, möhüm duşuşyk boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, siziň pikiriňizçe, ÝHHG-däki diplomatlaryň Türkmenistandaky ynsan hukuklary, söz azatlygy ýa-da garaşsyz žurnalistler bilen bagly problemalar barada ýeterlik habarlary barmy?

W.Mämmedow: Bilýäňizmi, hemmeler ähli zady bilýär. Şol bir wagtda, biziň çykyşlarymyz günbatar institutlarynyň Merkezi Aziýa babatda ýöredýän syýasatyny hem tankytlamaga bagyşlandy.

Bu regionda ynsan hukuklarynyň gödek bozulýandygyny hemmeler örän gowy bilse-de, şol institutlar ýeterlik peýdaly iş etmeýärler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝHHG-ä goşulmagy bilen, olarda ynsan hukuklary boýunça ösüş däl-de, yza gaýtmalar boldy. Has dogrusy, gurama şol režimler bilen ylalaşyk ýoluny saýlady. Guramanyň Merkezi Aziýadaky edaralary hem, umuman, adam hukuklaryna hormat goýulyşynda bolýan eden-etdiliklere arkaýyn garaýarlar we olary tankytlamaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Wýaçeslaw, siz, adam hukuklaryny goraýjy aktwiist hökmünde, türkmenistanlylara we ýurduň hökümetine ýüzlenmeli bolsaňyz, bu babatda näme aýdardyňyz?

W.Mämmmedow: Men watandaşlarymy umytdan düşmezlige çagyrýaryn. Çünki biziň ählimize häzirkisinden has gowy durmuş garaşýar. Repressiýany güýçlendirip, ilaty gorkuzyp, uzak möhletli syýasat yöredip bolmaz. Bir gün barybir olaryň soňy geler.

Men hemmelerden sabyrly bolmagy we gowy geljege ynanmagy soraýaryn. Biziň ajaýyp türkmen halkymyz özüne mynasyp hakyky azatlyga we at-abyraýa eýe bolar. Türkmen hökümetine bolsa, taryhyň islendik sahypasyna syn etseň, despotizmiň soňunyň gelýändigini görüp bolýandygyny ýatlatmakçy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG