Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzlar daşarlara bil baglaýarlar


“Gyrgyzystanda köp maşgalalar üçin zähmet migrantlary tarapyndan iberilýän pul esasy girdeji çeşmesi”.

“Gyrgyzystanda köp maşgalalar üçin zähmet migrantlary tarapyndan iberilýän pul esasy girdeji çeşmesi”.

Soňky wagtlar Orsýetde zähmet çekýän gyrgyz raýatlarynyň sanynyň has hem artandygy aýdylýar. Olaryň käbirlelriniň yzlaryna dolanmak planlary hem ýok. Bu tendensiýalardan döwlete we raýatlaryň özlerine nähili bähbit bar?


Gyrgyzystanly Elnura Kadyrowa ýakynda Moskwada bir dükana işe girdi, ol, umuman aýdylanda, hepdede 7 gün, ýagny, dynç almazdan işelýär. Onuň yzyna dolanmak islemezliginiň sebäbi Kadyrowanyň öz ýurdy bilen deňeşdirilende, Orsýetde has köp gazanç edip bolýanlygydyr. Ol, ortaça alanyňda, her aýda Bişkekdäki maşgalasyna 300-600 dollar aralygynda pul iberýär.

“Gyrgyzystanda aýlyklar gaty az. Iň ýokary aýlyk diýeniň 130-160 dollaryň aralygynda. Meniň bärdäki gazanjym has ýokary. Men hepdäniň dynç günlerinde hem işleýänligim üçin her aýda 1000 dollar töweregi gazanç edýärin” diýip, Elnura Kadyrowa aýdýar.

Moskwada işleýän Kadyrowa Gyrgyzystanda dowam edýän syýasy hem sosial dartgynlylyk zerarly Orsýete iş gözläp baran gyrgyzlaryň biridir.

Döwlet üçin hem girdeji çeşmesi

Gyrgyzystanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda işlemäge giden gyrgyzystanly iş immigrantlarynyň ýurda iberen pulunyň möçberi şu ýylyň ilkinji 10 aýynyň dowamynda 900 million dollara bararbar bolupdyr. Bu 2009-njy ýyl boýunça gyrgyzystanly immigrant işçiler tarapyndan ýurda iberlen puluň möçberinden 157 million dollar köpdir. Deňeşdirmek üçin alynsa, ilat sany 5.5 million adama barabar bolan bu ýurduň ýyllyk döwlet býujeti 1.36 milliard dollardyr.

Gyrgyzystanda köpsanly maşgalalar üçin işçi immigrantlar tarapyndan iberilýän pul esasy girdeji çeşmesi bolup durýar. Ýurtda emele gelen syýasy hem ykdysady dartgynlylykdan soňra, bu girdeji ýurduň sosial hem ykdysady durnuklylygy üçin gaty möhüm rol oýnaýar.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, immigrant işçileriň iberýän pulunyň möçberiniň aýdylyşyndan hem has köp bolmagy mümkin, sebäbi işçiler, umuman alnanda, Gyrgyzystana ugradýan pullarynyň köp bölegini öz tanyş-bilişleriniň üsti bilen elin ugradýarlar.

Häzirki wagt gyrgyz immigrantlarynyň uly bölegi Orsýetde ýaşaýar. Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, 2010-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Orsýete işlemäge baran gyrgyz migrantlarynyň sany 380 000 adama barabar bolupdyr.

Gurluşykda, oba hojalygynda we zawodlarda işleýän gyrgyzlaryň sany hem hasaba alynsa, Orsýetde işleýän gyrgyzystanly zähmet migrantlarynyň sanynyň hasam köp, ýagny, 600 000 töweregi bolmagy-da mümkin diýlip çaklanylýar.

Ýerlikli ulanmak meselesi

Gyrgyzystanyň on müňlerçe ýaşaýjysy Gazagystanda hem işleýär, şeýle-de soňky döwürlerde Türkiýä, Ýewropa we Amerika işlemäge gidýän gyrgyzlaryň hem sany barha artýar. Gyrgyzystanyň Telekeçiler bileleşiginiň ýolbaşçysy Çingiz Makeşow zähmet migrantlary tarapyndan iberilýän puldan ýurduň bähbidi üçin has gowrak peýdalanylyp hem boljakdygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, şol serişdelerden kiçi we orta biznese hususy maýa goýumyny artdyrmak arkaly, ýurduň ösüşi hemem täze iş orunlaryny döretmek üçin peýdalanyp bolar. Makeşowyň pikiriçe, bu çäre zähmet migrantlary üçin hem hemişelik girdeji çeşmesini dörederdi.

“Eger ykdysadyýete bir million dollar töweregi maýa goýulsa, bu biziň ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşardy. Häzirki döwürde zähmet migrantlary tarapyndan iberilýän serişde diňe maşgalalara siňýär. Bu serişdäni maýa hökmünde ulanmak arkaly, adamlar özlerine goşmaça girdeji çeşmesini hem döredip bilerlerdiler” diýip, Makeşow öz pikirini beýan edýär.

Emma düýbi Gyrgyzystanda ýerleşýän “Central Asia free market” institutynyň ykdysadyýetçisi Nurbek Taşbekowyň aýtmagyna görä, hökümete we ýurduň gelejekde durnuklylygyna bolan ynamsyzlyk işçileriň şeýle zatlara maýa goýmagyna päsgelçilik döredýär.

“Transparancy International” guramasy 2010-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda Gyrgyzystany iň korrumpirlenen 15 ýurduň hataryna girizipdir. Şol bir wagtyň özünde-de, Gyrgyzystan Merkezi Aziýada syýasy taýdan iň dartgynly ýurtlaryň biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG