Sepleriň elýeterliligi

Rus žurnaly şübhe döretdi


"'WikiLeaks' saýtynyň maglumatlaryny ýoýup görkezýän diňe rus mediasy hem däl".

"'WikiLeaks' saýtynyň maglumatlaryny ýoýup görkezýän diňe rus mediasy hem däl".

Tankytçylar «Russkiý reportýor» žurnalynda “WikiLeaks”-iň hatlarynyň esasynda diýlip çap edilen makalalary sorag astyna aldylar.


Orsýetiň «Russkiý reportýor» žurnalynyň ýayradan maglumaty barada gyzyşýan çekişmeler “WikiLeaks” internet saýtynyň gymmatly maglumatlary bilen bir hatarda, bu maglumatlar barada ýalan we nädogry düşündirişlere hem ýol bardygyny görkezýär.

Dünýäniň beýleki ýerlerindäki galamdaşlary ýaly, rus žurnalistleri hem Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň “WikiLeaks” internet saýty tarapyndan üsti açylan gizlin hatlary barada ýazma kemini goýmadylar. Netijede, bu ugurda ýazylan makalalaryň biri gaty üýtgeşik boldy. Has dogrusy, şübhelenýän synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu makalada aýdylýan zatlar ýapa degerden daşrak bolup çykdy.

«Russkiý reportýor» hiç zada salgylanmaýar

Hususan-da, «Russkiý reportýor» žurnalynyň ýazmagyna görä, Günbatar diplomatlarynyň Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň 2009-njy ýylyň sentýabrynda BMG-de söz sözleýän wagty zaly terk etmeleri birden öz-özünden bolman, hakykatda Waşington tarapyndan öňünden planlaşdyrylypdyr.

Žurnal, “WikiLeaks”-iň dokumentlerine salgylanyp, 2-nji dekabrda çap eden makalasynda amerikan resmileriniň Ýewropa Bilelesigininiň wekillerine Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň sözüniň haýsy ýerinde zaly terk etmelidigi hakda-da jikme-jik görkezme berendiklerini ýazýar.

Emma, “WikiLeaks” internet saýtynyň paş etmeleri barada çap edilen beýleki metbugat materiallaryndan tapawutlylykda, «Russkiý reportýor» öz aýdýanlaryny tassyklamak üçin anyk bir dokumentlere hem salgylanmaýar.

Degişli amerikan dokumentlerini tapmak üçin “WikiLeaks”-iň maglumat bazasynda geçirilen giňişleýin barlaglaryň boş çykmagy synçylaryň käbiriniň “Žurnal ‘WikiLeaks’-i ýalan maglumat ýaýratmak üçin ulanýan bolmasyn?” diýen soragy orta atmaklaryna sebäp boldy.

“WikiLeaks” bu gürrüňi edilýän diplomatik hatlar we özüniň «Russkiý reportýor» žurnaly bilen aragatnaşygy barada ýüze çykan soraglara hşzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.

Maglumaty ýoýýanlar başga-da bar

“WikiLeaks” saýtynyň maglumatlaryny ýoýup görkezýän diňe rus mediasy hem däl ýaly. Mysal üçin, Päkistanda çykýan gazetleriň hem birnäçesi “WikiLeaks”-iň maglumatlaryny galplaşdyryp makala çap edenliklerini boýun aldylar.

Päkistanyň gazetleriniň ol maglumatlarynda, hamala, amerikan diplomatlary hindi häkimiýetlerini hindi fundamentalistleri bilen gizlin gatnaşyk saklamakda we Päkistandaky yslamçy jeňçileri goldamakda aýyplaýar.

Päkistanyň «Ekspress Tribune» gazeti 10-njy dekabrda Britaniýanyň «The Guardian» gazetiniň yzysüre, zerur barlag geçirmezden, myş-myşlary çap edeni üçin ötünç sorady.

«Russkiý reportýor» žurnalyna garşy tankydyň köp bölegi 2008-nji ýylyň awgustyndaky rus-gürji urşy mahalynda Tbilisidäki amerikan diplomatlary tarapyndan ýazyldy diýilýän ýaşyryn hatlar baradaky makala degişli.

Orsýetiň «Sowerşenno sekretno» gazetiniň redaktory Leonid Welihow: «Men Gürjüstandaky wakalaryň beýan edilişindäki görnetin samahyllamalary gören badyma, ýaltanman, internetdäki hakyky diplomatik hatlary gözden geçirdim we ‘Russkiý reportýor’ žurnalynyň aýdýanlarynyň boýdan-başa ýalançylykdygyny we galplaşdyrmadygyny gördüm» diýýär.
XS
SM
MD
LG