Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söýgi maddylaşýar


Söýgi barada bir mahalky ýazylan goşgulara, çeper eserlere ýa-da döredilen filmlere göz aýlanymda häzirki döwrüň ideologiýasynyň, tehnologiýanyň gazananlarynyň esasan ýaşlara täsir edýändigini, oglanlar bilen gyzlaryň arasyndaky gatnaşyklary hem özgerdýändigini görýän. Sahnalaşdyrylan teatral oýunlara, aýdylan aýdymlara seredeniňde hem şeýle. Elbetde, ol eserler şol wagtky durmuş hakykatlaryny dolulygyna suratlandyrandyr diýip biljek däl, emma nähilem bolsa olar bilen tanyşanymda şol döwrüň içine az salymlyk çümüp gidýän, suratlandyrylýan döwür ejem bilen kakamyň aýdyp berýän zatlaryna gabat gelýär.

Şol döwrüň (men muny “kakam döwrüniň” diýip atlandyrýan) goşgularynda, bagşylaryň aýdymlarynda, ýazyjylaryň romanlarynda esasan sada gyzlar, mert oglanlar, wepaly aşyklar, zähmetsöýüjilik we edeplilik wasp edilýär. Häzir özüm şäher ýerinde ýaşamsoň, oba durmuşy, obadaky ýaş oglan-gyzlaryň biri-birleri bilen gatnaşyklary barada kän zat aýdyp biljek däl. Ýöne göwnüme bolmasa şäherdäki ýagdaýlar gün-günden üýtgeýän ýaly bolup dur. Bilmedim, belki ýalňyşýandyryn, ýöne indi söýgi diýlen zat maddylaşyp başlady, elektronlaşyp ugrady, ýürekden çykýan salam hatlarynyň ýerini suwjugrak SMS-ler aldy. Bu bolsa ýaş "aşyklaryň" arasynda ikiýüzli gatnaşyklaryň artmagyna getirdi.

Onsoňam meniň döwrümiň ençeme gyzlary üçin halaşjak oglany “gaty kagyzly” bolsa gowy, gurplyrak ýerden bolsa has gowy, üstesine juda görmegeý, jalaýja bolsa kemem däl. Adamkärçilige-de seredilýär welin, ýöne ýaňky agzanlarym has öňe geçip başlaýdy öýdýän. Beýleki tarapdan, agzy arassa oglan duşsa, oňa gyzyny iki elläp ynanmaga taýýar maşgalalar hem ýok däl. Emma oglanyň agzynyň arassa bolmagy gyzyny durmuşa çykarjak ene-atalaryň esasy kriteriýalarynyň arasyna girip başlan bolsa, ol hem köp zatdan habar berýär.

Deň-duş oglanlarymyň arasynda-da ownap başlanlar bar. Onda-munda söýgi barada gürrüň edilende kakasy ýa daýysy pylan ýerde işleýän, pylan hilli maşyn sürýän, pylan ýerde işleýän gyzlar barada köp gürrüň edilýär. Gyzlaryň sadalygy, düşünjesi we ahlagy ikinji orna geçýär duruberýär.

Internetde söýüşmek diýip bir zat çykdy, şeýdip hem “elektron aşyklar” döredi. Gatnaşyklary ugruna bolup, şadyýan durmuş gurup gidiberýän oglan-gyzlar hem bar welin, ýöne simiň üsti bilen döredilen söýgüden ýanyp ýörenler hem şondan iki esse kän. Kakamyň aýdyşyça, öňler bir oglan bir gyzy halasa, görüp halaýardy. Soň onsoň jorasynyň ýa jigisiniň üsti bilen söz aýdýardy, gijeler aýyň şöhlesiniň astynda duşuşylýardy, birek-biregi toýda synlaşylýardy. Indi ýagdaý üýtgedi. Haýsydyr bir saýta girip, suratyny görüp, ondan mundan göçürip ýazylýan zatlary görüp, söýgi sözüni aýdyberýänler köpeldi. E-mail ibermegem bir minutlyk iş.

Şonuň üçin, günbatar pelsepesi bilen aýdylanda, “gatnaşyklaryň himiýasyna” seretmän, howlukmaçlyk bilen durmuş guran dostlarymyň arasynda başyny tutup ýörenler ýok däl. Ahal welaýat sudunyň bir işgäri aýrylyşýan ýaş juwanlaryň köpelendigini aýdýar. Bu hem meniň aýdanlarymy belli bir derejede tassyklaýar diýip bilerin.

Emma, şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly, sada gyzlar bar entek, sada gyzlarda hyýaly bolan oglanlar hem bar. Döwür we tehnologiýa hemmelere täsir etmedi. Beýle diýildigi, Internet ýa jübi telefonlary sadalygy gömýär diýmek däl. Emma meniň hut özüm-ä kimdir birini Internetden görüp, SMS arkaly tanap, çatlaşylýan Web sahypalaryň üsti bilen halap, yşk kölüne batybermegi sadalyk ýa akylly iş hasaplamok. Belki ýalňyşýandyryn, emma indi tehnologiýanyň üsti bilen islendik adam özüni islendik görnüşde görkezip ýa tanadyp bilýär. Bu ýagdaý köpleri aldawa düşürýär.

Meniň aýdanlarymy kabul etmejekler bardyr elbetde. Emma blogumdaky gozgan meseläm bilen doly ylalaşjaklaryň hem bardygyna şübhäm ýok. Ýüregi ýaralananlar az däl.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG