Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda nebit-gaz we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi


Düýn Türkmenistanda nebit-gaz we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň professiýonal güni bellenildi.

Bu waka bilen baglylykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakdaky işgärlere gutlag bilen ýüzlendi.

Bu ýüzlenmede prezident Berdimuhamedow nebit-gaz pudagynyň alyp barýan işiniň ýurduň ykdysady ösüşi üçin ähmiýetini nygtady.

Bu baýramy şu ýylyň ýanwarynda “Türkmenistan-Hytaý” turboprowodynyň açylmagynyň hatyrasyna bellemek yglan edilipdi.

Mundan owal nebit-gaz, energetika we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bilelikde sentýabryň ikinji şenbe güni bellenilýärdi.
XS
SM
MD
LG