Sepleriň elýeterliligi

Silwio Berluskoni parlamentde zordan ynam sesini gazandy


Düýn Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni parlamentiň ynam edip etmezlik boýunça geçiren ses berilşiginde az-owlak tapawut bilen deputatlaryň goldawyny gazandy we häkimýet başynda galdy.

Silwio Berlusskoni bu ses berilşikde deputatlaryň goldawyny gazanmadyk bolanlygynda, ol häkimýetden çetleşmäge mejbur edilerdi.

74 ýaşly Silwio Berlusskoniniň korrupsiýa we etika dawalaryna gatnaşygynyň bolmagy onuň abraýyna zeper ýetiripdi.

Berluskoni duşenbe güni çykyş edip, özüniň häkimýetden çetleşdirilen halatynda ýurtda syýasy durnuksyzlygyň döremek howpunyň bardygyny nygtapdy.
XS
SM
MD
LG