Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň polisiýasy hüşgärligiň ýokarlandyrylan ýagdaýyna geçdi


Moskwanyň aşa milletçi toparlarynyň Orsýetiň kawkazly musulman wekillerine garşy hereketlere geçmäge eden çagyryşlaryndan howatyrlanyp, häzir Moskwanyň polisiýasy hüşgärligiň ýokarlandyrylan ýagdaýynda işleýär.

“Bikanun migrasiýa garşy hereket” atly guramanyň agzalary Moskwanyň ähli zenanlaryny we çagalaryny öýde galmaga, şeýle-de ähli erkeklere ýaraglanyp, çarşenbe güni ýygnanmaga çagyryş edipdir.

Internetda ýaýradylan maglumatlara görä, çarşenbe güni Moskwanyň “Kiewskiý” otly duralgasynda demirgazyk kawkazlylaryň ýaragly toparlary bilen ýerli aşa milletçileriň çaknyşygy bolmagy mümkin diýlip garaşylýar.

Şu aý Moskwanyň “Spartak” futbol komandasynyň bir janköýeriniň öldürilmegi Moskwada etniki çaknyşyklara sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG