Sepleriň elýeterliligi

Julian Assanj girewine pul goýdurylmak esasynda azatlyga goýberildi


Düýn giçlik Britaniýanyň sudy “WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjy girewine pul goýdurmak esasynda azatlyga goýberdi.

Swesiýanyň hökümeti Julian Assanja iki zenany zorlamakda aýyplama bildirip, ony tussag etmek barada halkara orderini yglan edipdi.

Su waka sebäpli Julian Assanj 7-nji dekabrda meýletinlik bilen Londonyň polisiýa edarasyna baranda, ol tussag edilipdi.

Julian Assanjyň aklawçysy, adam hukuklaryny goraýjy Geffreý Robertsonyň aýtmagyna görä, Assanj özüne ýöňkelýän ähli aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG