Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň esasy yslamçy partiýasy hökümetden çykýar


Düýn Päkistanyň tanymal yslamçy syýasatçysy hökümet ministriniň işden boşadylmagyna protest bildirip, öz partiýasynyň koalision hökümetden çykýandygyny yglan etdi.

“Jamiet Ulaem-e Yslam Fazl” partiýasynyň lideri Fazlur Rehman premýer-ministr Ýusuf Reza Gilaniniň din meseleleri boýunça ministri Hamid Said Kazmi işden boşatmagyndan lapykeç bolandygyny aýtdy.

Ýusuf Reza Gilani düýn irden Hamid Said Kazmi we ylym hem tehnologiýa ministri Azam Han Swatini işden boşatdy. Bu iki ministriň işden boşadylmagyna olaryň arasynda korrupsiýa bilen bagly galmagalyň turmagy sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG