Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda malýariýa keseliniň soňuna çykylandygy aýdylýar


Malýariýa keseline garşy göreş onýyllyklaryň dowamynda iň umytly täzeliklere getirdi. Dünýä saglyk guramasy bu keseliň Morokkoda we Türkmenistanda ýok edilendigini aýdýar.

Malýariýa keseli bilen keselleýänler Afrika ýurtlarynda hem azalýar. Düýn Dünýä saglyk guramasynyň resmileri 2008-nji ýyldan bäri bu kesel bilen kesellänleriň sanynyň Afrikanyň 11 ýurdunda 50 prosentden hem gowrak azalandygyny aýtdylar.

2009-njy ýylda dünýä boýunça malýariýadan 781 müň adam öldi. 2000-nji ýylda bu keselden 1 milliona golaý adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG