Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň hökümeti dawaly ýoly saýlady


Tebigaty goraýjy aktiwistleriň bir topary Himki tokaýlygynyň çapylmagyna garşy protest bildirýärler. 19-njy iýul, 2010.

Tebigaty goraýjy aktiwistleriň bir topary Himki tokaýlygynyň çapylmagyna garşy protest bildirýärler. 19-njy iýul, 2010.

Şu hepde Orsýetiň hökümeti köpsanly protestlere garamazdan, Moskwanyň etegindäki Himki tokaýlygynyň üstünden esasy transport magistralyny geçirmegi karar etdi.


Bu magistral Moskwadan Sankt-Peterburga çenli uzalar. Hökümetiň transport komiteti bu gurluşygyň alternatiw ýollaryny işlemek boýunça şu hepde maslahat geçirdi.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Sergeý Iwanow maslahatda bu gurluşyga garşy çykýan daşky gurşawy goraýjy aktiwistleriň howatyrlanmalary göz öňünde tutuldy diýdi. Şeýle-de Iwanow bu magistralyň gurluşygy tokaýa zyýan ýetirmez ýaly ol täzeden planlaşdyryldy diýip, maslahatda habar berdi.

"Biz esasy transport magistralynyň gurluşygy bilen bagly her bir meselä örän obýektiw çemeleşmäge çalyşdyk. Maňa ynanyň, biz daşky gurşaw meselelerine örän içginden seretdik. Hut şol sebäpli şu günki kabul edilen goşmaça kararlar ekologiýany goramaklygy, goşmaça baglaryň oturdylmagyny we magistralyň sekiz kilometriniň dowamynda ýolýaka infrastrukturalarynyň gurulmazlygyny öz içine alýar” diýip, Sergeý Iwanow belledi.

Iň amatly wariantmy?

Premýer-ministriň orunbasary Sergeý Iwanowyň aýtmagyna görä, tokaýyň içinden geçjek bu magistralyň gurluşygyny 2013-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, Iwanow bu gurluşyk sebäpli Himki tokaýlygyna ýetip biljek islendik ekologiki zyýanyň öwezini dolmak üçin 4 milliard rublyň, ýagny, 130 million töweregi dollaryň goýberiljekdigini aýtdy.

Orsýetiň transport ministri Igor Lewitin 14-nji dekabrda geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, bu transport magistralyny gurmaklygyň beýleki alternatiwalary üçin has köp harajatlaryň gerek boljakdygyny we has köp adamlary öýlerinden göçürmeli boljakdygyny düşündirdi.

"Gurluşygyň häzirki saýlanyp alnan marşrutynda iki öý ýykylar. Beýleki alternatiw marşrutda bolsa 34 sany öý ýykylmaly. Häzirki wagt bu proýektiň bahasy 51 milliard rubla deň. Alternatiw görnüşinde bolsa ýykylan öýleriň öwezini dolmak harajatlaryny göz öňünde tutmanyňda-da, bu 48.5 milliard rubla deň bolar” diýip, Igor Lewitin belledi.

Komitetiň aýtmagyna görä, indi bu baradaky karar prezident Dmitriý Medwedewiň tassyklamagyna ugradylar.

Şu ýylyň awgustynda prezident Medwedew köpsanly protestler sebäpli bu esasy transport magistralynyň gurluşygyny togtadypdy. Şeýle-de, ol hökümet komissiýasyna bu ýoluň täze mümkin bolan marşrutlaryny işläp taýýarlamagy we gurluşygyň ýerli ekologiýa ýetirip biljek zyýanlaryny öwrenmegi tabşyrypdy.

Henizem nägilelikler dowam edýär

Esasy transport magistralyny tokaýyň içinden geçirmek kararyna gelnenden soňra, “EkoDefense” ekologiýa guramasynyň başlygy Ýewgeniýa Çirikowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Biziň pikirimizçe, prezident Medwedew Iwanowyň, Petrowyň, Sidorowyň, Pronkiniň... arkasynda bukulmaly däl. Ol özüniň syýasy islegini görkezip, haýsy karary kabul edendigini mälim etmeli. Bu karardan soňra prezident Medwedewiň kimiň tarapyny tutýandygy bize aýan bolar. Prezidentiň Himki tokaýlygyny goraýjylaryň, ýagny, halkyň 76 prosentiniň (bu görkeziji Lewada Merkeziniň geçiren garaşsyz derňewlerinde görkezilýär) tarapyny tutýarmy ýa-da ol korrupsionerleriň tarapyndamy, ana, şol aýan bolar”.

“EkoDefense” ekologiýa guramasynyň başlygy Ýewgeniýa Çirikowa esasy transport magistralynyň başga ugurlar boýunça gurulmagy üçin eýýäm köpden bäri çagyryş edip gelýän aktiwistlerden biri. Şeýle-de, Moskwada bu transport magistralynyň gurluşygyna garşy oppozisiýa wekilleriniň, rok aýdymçylarynyň gatnaşmagynda protest çäresi hem geçirlipdi.

Transport magistralynyň gurluşygy baradaky diskussiýalar bilen baglylykda käbir žurnalistlere we aktiwisltere hüjüm edilendigi hem öňe sürülýär. 2008-nji ýylda ýerli Himki gazetiniň redaktory Mihail Beketow ýenjildi. Şonuň netijesinde Beketow maýyp bolup galdy. Şeýle-de, golaýda Himki tokaýyny goraýjylar herekitiniň agzasy we ýerli liberal partiýanyň ýolbaşçysy Konstantin Fetisowa hem hüjüm edildi. Hüjümçileriň şahsyýetleri entek anyklanmady. Fetisow häzir hem komadan açylanok.

Premýer-ministriň orunbasary Sergeý Iwanowyň sözlerine görä, bu karary prezident Dmitriý Medwedewiň goldajakdygy şübhe döretmeýär. Şeýle-de, prezidentiň metbugat sekretary komitet tarapyndan kabul edilen planlaryň tokaýa ýetiriljek zyýany azaldandygyna prezidentiň ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG