Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Hodorkowskiniň sud işi yza süýşürildi


Düýn Moskwanyň sudy tussaglykdaky orsýetli biznesmen, “Ýukos” şirketiniň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiniň işi boýunça hökümiň yglan edilmegini 27-nji dekabra çenli gaýra süýşürdi.

Mundan ozal sud Hodarkowskiniň işi boýunça hökümi şu gün yglan etmegi meýilleşdiripdi.

Mihail Hodorkowskiý we onuň egindeşi Platon Lebedew 2003-nji ýylda salgyt galplyklarynda aýyplanyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Indi olar 27 miliard dollarlyk nebit ogurlamakda hem aýyplanyp, ikinji sud işine çekildiler.

Hodorkowskiniň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, onuň türmede saklanmagynyň arkasynda syýasy matlaplar dur.
XS
SM
MD
LG