Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky bidüzgünçiliklerde ýene ençeme adam tussag edildi


Moskwanyň aşa milletçi toparlarynyň Orsýetiň kawkazly musulman wekillerine garşy hereketlere geçmäge eden çagyryşlaryndan howatyrlanyp, düýn Moskwanyň “OMON” gullugy şäheriň käbir böleklerini böwetledi.

“Bikanun migrasiýa garşy hereket” atly guramanyň agzalary Moskwanyň ähli zenanlaryny we çagalaryny öýde galmaga, şeýle-de ähli erkeklere ýaraglanyp, çarşenbe güni ýygnanmaga çagyryş edipdi.

Düýn Moskwanyň “Maneznaýa” meýdançasyna we “Kiewskiý” otly duralgasyna ýygnanan agressiw meýilli protestçileriň bir topary tussag edildi.

Şu aý Moskwanyň “Spartak” futbol komandasynyň bir janköýeriniň öldürilmegi Moskwada etniki çaknyşyklara sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG