Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa hökmany harby gulluga çagyrmagy ýatyrýar


Düýn Serbiýanyň parlamenti günbatara tarapdar reformalaryň bir bölegi hökmünde hökmany harby gulluga çagyrmak düzgünini ýatyrdy. Deputatlar 1945-nji ýyldan bäri ulanylyp gelýän düzgüni ýatyrmagy karar etdiler.

2000-nji ýylda günbatara tarapdar reformalar başlanaly bäri, Serbiýa kem-kemden öz goşunlarynyň sanyny hem azaldýar.

Ýurduň armiýasynda indi NATO standartlary esasynda tälim berlen täze 36 müň professional harbylar we adaty esgerleriň hem 28 müňüsi bolar. Serbiýa NATO-nyň Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk programmasyna girýär.
XS
SM
MD
LG