Sepleriň elýeterliligi

Atamyrat Rozyýew Aşgabadyň prokurory wezipesine bellendi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Atamyrat Rozyýewi Aşgabat şäheriniň prokurorlygyna bellemek baradaky karara gol çekdi.

A. Rozyýew bu wezipä bellenmezinden öň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokurory bolup işleýärdi.

Aşgabat şäheriniň öňki prokurory Annabaýram Durdymämmedow 4-nji noýabrda işde goýberen düýpli kemçilikleri, paýtagtda gurulýan binalaryň gurluşugynyň gidişine gözegçiligi gowşadanlygy üçin wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG