Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Timoşenko ogurlykda aýyplanýar


Düýn Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko ýurduň Baş prokuraturasynyň özüne garşy jenaýat işini gozgandygyny mälim etdi. Ol, hususan-da, özüniň Kýoto protokolynyň bir bölegi hökmünde paýlanan serişdelere el urmakda aýyplanýandygyny aýdýar.

Onuň bu beýanatynyň yzy bilen, düýn Baş prokuratura Timoşenkonyň hakykatdanam Kiýewden çykmasyz edilendigini aýtdy.

Kiýewde žurnalistlere beren interwýusynda Timoşenko sülçüleriň heniz özüne garşy resmi ýagdaýda aýyp bildirmändigini belledi.

Ukrian häkimiýetleri biraz öň daşky sreda boýunça ozalky ministr Georgiý Filipçugy tussag edipdiler. Ol öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG