Sepleriň elýeterliligi

Moskwada hukuk goraýjy Ýewgeniý Bobrowa hüjüm edildi


Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasy hukuk goraýjy aklawçy Ýewgeniý Bobrowyň näbelli adamlar tarapyndan edilen hüjümden soň bir gözüniň gapylandygyny aýdýar.

Ýewgeniý Bobrow hepdäniň sişenbe güni bolan bu hadysadan soň, doktora görünmekden boýun gaçyrypdy.

Ýöne düýn onuň bir gözi görmän başlansoň, ol doktora barmaly boldy. Moskwanyň etegindäki jaýynyň golaýynda daşyna geçen hüjümçiler aklawçynyň hiç bir zadyny talamandyrlar.

“Memorial” topary bu hüjümiň aklawçynyň işi sebäpli gurnalan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar. Bobrow esasan jaýy elinden alynýan garyplaryň hukugyny goramakda tanalýar.
XS
SM
MD
LG