Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda ABŞ-a we Ýewropa garşy terror planlary açyldy


Düýn ýokary derejeli yrak resmileri hristianlaryň Kristmas dini baýramçylygy mahalynda Al-Kaýdanyň ABŞ-da we Ýewropada terror hüjümlerini geçirmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdiler.

Maglumata gorä, olar bu maglumaty tussag edilen pitneçileriň dilinden eşidipdirler. Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari Nýu-Ýorkda çykyş edip, bu aýdylýanlary «elhenç howp» diýip atlandyrdy.

Yragyň içeri işler ministri Jawad al-Bolani geçen hepde Stokgolmyň merkezinde bolan partlama hem şol planyň bir bölegi diýýär.

Yrak resmileri bu howp barada “Interpola” habar beripdirler. Resmiler bu diýilýän dildüwşikde anyk haýsy ýurduň nyşana alynýandygy barada hiç zat aýtmadylar.
XS
SM
MD
LG