Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International Gyrgyzystan barada hasabat ýaýratdy


Düýn Amnesty International guramasy Gyrgyzystandaky ýagdaýlar barada täze hasabat ýaýratdy. Onda gyrgyz häkimiýetleriniň 2010-njy ýylyň iýunynda günorta Gyrgyzystanda bolan zorlukly çaknyşyklaryň pidalary babatda adalaty üpjün etmegiň hötdesinden gelmändikleri aýdylýar.

Bu hasabat «Bölekleýin hakykat we ala tutulan adalat 2010-njy ýylyň iýunyndan soňra» diýlip atlandyrylypdyr.

Täze hasabatda dört güne çeken gozgalaň mahalynda bolan zatlar hakyndaky hakykatyň anyklanyşy baradaky tagallalar hem derňelýär.
XS
SM
MD
LG