Sepleriň elýeterliligi

logo-print

M.Hodorkowskiý ýene garaşmaly


 M.Hodorkowskinini goldaýjylar Moskwada piket geçirýärler. 15-nji dekabr, 2010.

M.Hodorkowskinini goldaýjylar Moskwada piket geçirýärler. 15-nji dekabr, 2010.

15-nji dekabrda Moskwanyň sudy tussaglykdaky orsýetli biznesmen, “Ýukos” nebit kompaniýasynyn önki başlygy Mihail Hodorkowskiniň işi boýunça hökümiň yglan edilmegini 27-nji dekabra çenli gaýra süýşürdi.


Bu baradaky habar kagyza ýazylyp, sud binasynyň gapysyna ýelmenip goýlupdyr. Bu ýere Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlary, aklawçylary onuň ikinji sud işi boýunça hökümiň yglan ediş prosesine gelipdiler.

Häzir Mihail Hodorkowskiý Orsýetiň iň meşhur syýasy tussagy hasaplanylýar.

M.Hodorkowskiniň ejesi Marina Hodorkowskaýa bu karar bilen baglylykda suduň hiç hili düşündiriş bermändigini aýtdy.

"Sud hiç hili düşündiriş bermeýär, ol diňe höküm yglan ediş prosesiniň 27-nji dekabra geçirilendigini dykgatyňyza ýertirýär diýip, suduň sözçüsi aýtdy”, diýip Marina Hodorkowskaýa belledi.

Ikinji iş nämä esaslanýar?

Orsýetiň iň baý adamlarynyň biri bolan Mihail Hodorkowskiý we onuň egindeşi Platon Lebedew salgyt galplyklarynda aýyplanyp, häzir 11 ýyl türme tussaglygynda saklanýarlar.

2007-nji ýylda tussaglykdan şert bilen möhletinden öň boşadylmagynyň öňüsyrasy Hodorkowska öz şirketinden 25 milliard dollarlyk nebit ogurlamakda aýyplama bildirilip, onuň üstünden ikinji sud işi başlanypdy.

Köpleriň çaklamagyna görä, bu aýyplamalar M.Hodorkowskini we P.Lebedewi 2012-nji ýylda Orsýetde geçjek prezident saýlawlary wagtynda çetde saklanmaklary üçin edilýän ýörite matlaply iş.

M.Hodorkowskiniň aklawçylarynyň biri, Ýuriý Şmidt hökümiň okaljak güni suduň hökümi yglan etmek prosesini gaýra süýşürmeginiň jogapkärçiliksiz çäredigini aýtdy.

“Geň galdyryjy waka hem däl”

M.Hodorkowskiniň aklawçylarynyň metbugat wekili Maksim Dbaryň aýtmagyna görä, hökümiň yglan etmek prosesiniň gaýra süýşürilmegi onçakly bir geň galdyryjy waka hem däl.

"Birinji gezek höküm yglan etmek prosesinde-de şeýle bolupdy. Şol gezegem biz bellenilen güni gelenimizde, sud prosesiniň gaýra süýşürendigini bilip galdyk”.

Orsýetiň iri netbit şirketleriniň biri bolan “Ýukos” kompaniýasynyň başlygy Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda ilkinji gezek tussag edilip, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol häzir Orýsetiň Çita şäheriniň türmesinde tussaglykda saklanylýar.

M.Hodorkowskiniň tussag edilmeginden soň, “Ýukos” şirketi bölünip auksiona çykarylypdy. Şonda ol hökümetiň kontrollygyndaky kompaniýalar tarapyndan satyn alnypdy.

Ozalbaşda prokurorlar ikinji sud işi bilen baglylykda Mihail Hadorkowskiniň 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini talap edipdiler. Häzir olar M.Hodorkowskiniň we P.Lebedewiň eýýäm höküm edilen tussaglyk möhletini hem goşmak bilen, ýene 6 ýyl türme tussaglygyny soraýarlar. Şunuň bilen baglylykda, M.Hodorkowskiý we P.Lebedew 2017-nji ýyla çenli türme tussaglygynda oturmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG