Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň garyndaşparazlyk keseli


Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Samminiň öňüsyrasynda, Gyrgyzystan, 2007.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Samminiň öňüsyrasynda, Gyrgyzystan, 2007.

Merkezi Aziýanyň postsowet döwletleriniň bäşisine-de garyndaşparazlyk mahsus, bu kesel regionda giňden ýaýran. Belki-de, bu ýagdaý olaryň ykdysady hem syýasy ösüşini bökdeýän esasy päsgelçilikdir.


Gyrgyzystanyň iki postsowet liderleri Askar Akaýew bilen Kurmanbek Bakyýew öz çagalaryna we ýakyn garyndaşlaryna eden “eglişikleri” üçin iliň gözünden düşdüler. Gyrgyzystanyň goňşy ýurtlarynyň liderleri bu bolan zatlardan sapak alsa gowy bolardy.

Aprelde prezidentlikden gyrakladylan K.Bakyýew öz ogluny we doganlaryny uly döwlet wezipelerine işe belledi. Onuň ogly Maksim we dogany Janyş hakykatda ýurduň içindäki iň täsirli syýasy şahsyýetlere öwrüldiler.

Bakyýew öz ogluny we doganlaryny uly döwlet wezipelerine işe belläpdi.
Janyş bilen Maksim, edil feodal mülkleri ýaly, Gyrgyzystany öz aralarynda iki bölege böldüler. «Şazada» lakamly Maksim esasy biznes ugurlaryna, şol sanda bank sitemasyna, metbugata, maliýe pudagyna kontrollyk etdi.

Janyş başda Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasarydy. Biraz soňra ol Döwlet gorag gullugyna başlyk boldy. Bu gulluk prezidentiň, hökümet resmileriniň, parlament agzalarynyň, Ýokary suduň we Konstitusion suduň sudýalarynyň goragyny üpjün edýär. Hakykatda ol ýurduň kanun goraýjy organlaryna, şol sanda prokuratura edarasyna, jenaýat agtaryş bölümlerine we sud sistemasyna kontrollyk edýärdi.

Prezidentiň doganlary Marat bilen Adyl bolsa daşary ýurtlardaky gyrgyz ilçihanalarynda işleýärdiler. Olaryň biri Germaniýada ilçi bolsa, beýlekisi Pekindäki ilçihananyň uly resmisidi. Bakyýewiň ýene bir dogany Kanybek oba adminstrasiýasyna başlyk bolsa, başga bir dogany Ahmat Jalalabatda belli biznesmen hem resmi däl häkimdi…

Akaýew hem kem galmandy

Askar Akaýewiň prezidentligi barada aýdylanda, onuň aýaly hakynda gürrüň etmeli bolýar. O döwürde ýurtda esasy şahsy meseleleriň köpüsini Maýram Akaýewa çözýärdi. Ol «Merim» sahawat fondunyň başlygydy.

Maýramyň goldawyna, kömegine mätäç bolan iş adamlary ýa resmiler bu fonda serişde geçirýärdiler. Akaýew wezipeden gyrakladylansoň, prokurorlar döwlet resmileriniň býujet serişdelerinden «Merim» fonduna pul geçirendikleri baradaky aýyplamalary derňemäge başladylar.

Ekspertleriň hasaplamalaryna görä, Gyrgyzystanyň jemi içerki önüminiň 20 prosent çemesi Akaýewleriň maşgala hem ýakyn ýaranlarynyň jübüsine gapgarylypdyr.

Maýram ogly Aýdar bilen bile döwlet wezipelerini satmakda ýakasyny tanatdy. 2006-njy ýylda prokurorlar Askar Akaýewiň garyndaşlaryna we ýakyn adamlaryna garşy 106 sany jenaýat derňew işini açdylar.

Täjik we Özbek warianty nähili?

Täjigistanda prezidentiň Strategiki ylmy-barlag merkeziniň başlygy Suhrab Şaripow prezident Emomali Rahmonyň, eger islese, öz garyndaşlaryny uly işlere bellemäge hakynyň bardygyny aýdýar.

Özbek prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnara
«Täjigistanda maşgala baglanyşyklary hemişe ulanyldy we hemişe ulanylar. Biziň garaýşymyz şeýle, garyndaşlar bir-birine golaý durmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyzda häkimiýetde kimiň oturandygyna garamazdan, garyndaşlyk hemişe, her bir adam tarapyndan ulanylar» - diýip, Şaripow belleýär.

Onuň pikiriçe, Günbatarda garyndaşparazlygyň giň ýaýrmazlygynyň sebäbi ol ýurtlarda maşgalalaryň köplenç bir-birinden üzňe, aýrybaşga ýaşaýanlygyndan.

Şaripowyň aýdýanlaryndan görnüşi ýaly, Rahmonyň çagalarynyň birnäçesi eýýäm uly döwlet wezipelerinde işleýär. Prezidentiň 23 ýaşly ogly Rustam täjik syýasatynda görülmedik depginde ýokary galýar we kakasynyň ýerine mümkin bolan mirasdüşer hasaplanylýar…

Golaýda “WikiLeaks” tarapyndan çap edilen diplomatik hatlar prezident Yslam Karimowyň gyzy Gülnarany ýurtda iň ýigrenilýän adam hökmünde häsiýetlendirýär.

Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň hatlarynda aýdylmagyna görä, ol ýurtdaky girdejili biznesleriň hersinden öz paýyny goparyp, «ogrularyň patşasy» diýen lakama eýe bolupdyr.

Gazak we Türkmen “nusgasy”

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bir gezek «prezidentlik aýlygym gaty az bolansoň, maňa çagalarym kömek edýär» diýip degişdi.

«Forbes» žurnalynyň ýazmagyna görä, Nazarbaýewiň gyzy Dinara we onuň adamsy Timur Kulibaýew dünýäniň milliarderleriniň hataryna girýär. T.Kulibaýew 2007-nji ýylda britan patyşalyk maşgalasynyň agzasyndan 15 million funta hususy jaý satyn aldy. Britaniýanyň «Daily telegraph» gazeti bu emlägiň bazar bahasyndan 25 prosent gymmat alnandygyny ýazdy.

Orozobekowa: "Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ogly Myrada (çepde) biznes dünýäsinde bir topar ýeňillik döredilipdi".
Korrupsiýa we garyndaşparazlyk meselesinde Türkmenistan hem kem oturanok. Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ogly Myrada biznes dünýäsinde bir topar ýeňillik döredildi.

Türkmenistanyň «ömürlik prezidentiniň» ýogalaly bäri geçen wagtyň içinde türkmen hökümeti Nyýazowyň bozuk sistemasyny sökmek babatda käbir ädimleri ätdi. Ýöne, muňa garamazdan, indi biz prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasynyň we ýakyn töwereginiň hem ýokary galýandygyny görýäris.

Ozalky diş doktory Berdimuhamedow köne rus maşynyny münerdi, emma soňky döwürde ol kaşaň zatlaryň tagamyny bilip ugrady. Onuň bir gyzy Londonda, beýlekisi Parižde ýaşaýar.

Bu liderleriň hiç biri Gyrgyzystanyň tejribelerinden zat öwrenene meňzemeýär. Olar halkyň sabyr-kanagatynyň ahyry bir gün hökman gutarjakdygy baradaky ýönekeý hakykaty görmezlige salmagy dowam etdirýärler.

Çolpon Orozobekowa Ženewada iş alyp barýan gyrgyz žurnalisti. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG