Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” ýene Türkmenistany agzaýar


T.Maina: “Türkmenistanyň biznes ugry örän gümürtik, bu ilkinji nobatda nebit-gaz we gurluşyk pudaklaryna degişli”.
T.Maina: “Türkmenistanyň biznes ugry örän gümürtik, bu ilkinji nobatda nebit-gaz we gurluşyk pudaklaryna degişli”.

“WikiLeaks” saýtynyň ýaýradýan diplomatik hatlarynda Türkmenistana degişli maglumatlar hem kem-kem köpelýär. Soňky peýda bolan täze maglumatlarda Türkmenistanda işleýän käbir daşary ýurt kompaniýalaryna degişli zatlar barada gurruň edilýär.


“WikiLeaks”-iň maglumatlary bilen baglylykda “Foreign policy” internet neşiriniň ýaýradan maglumatynda Türkmenistanda biznes alyp barmak isleýän daşary ýurt şirketleriniň para bermelidikleri hem bellenilýär.

“WikiLeaks” saýtynyň Türkmenistana degişli ýaýradan maglumatlary bilen baglylykda internet neşirlerinde çap bolan informasiýalarda para meselesinde, hususan-da, Orsýetiň “Itera” we Fransiýanyň “Buig” kompaniýalarynyň ady agzalýar.

“Euroasia.net” internet neşiri “Buig” kompaniýasynyň 1994-2010-njy ýyllar aralygynda Aşgabatda umumy bahasy 2 milliard ýewrodan aşýan 50-ä golaý binany guranlygyna üns berýär.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, amerikan resmileriniň “WikiLeaks”-de çap bolan Türkmenistana degişli diplomatik hatlary barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi entek resmi beýannama ýaýratmandyr.

“Biznes ugry örän gümürtik”

Emma, beýleki tarapdan, Türkmenistanda iri gurluşyk proýektlerini amala aşyrýan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy resmi beýannama ýaýradyp, “WikiLeaks”-iň maglumtlaryny ret etdi.

Kompaniýanyň maglumatynda häzirki wagt metbugatda çap bolýan makalalarda amerikan diplomatlaryna salgylanyp, “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işleriniň tankyt edilýänligi bellenilýär we şol maglumatlara kompaniýany abraýdan gaçyryjy maglumat diýip garaýanlygy aýdylýar.

“‘Buig’ daşary ýurt kompaniýalarynyň köpüsi ýaly Türkmenistanda kadaly şertlerde işleýär we bikanun usullara baş goşmaýar” diýip, kompaniýanyň ýaýradan resmi beýannamasynda bellenilýär.

“Buig” kompaniýasynyň Pariždäki baş edarasynyň resmileri Azatlyk Radiosyna kompaniýanyň ýaýradan şu resmi beýannamasyndan daşary hiç hili maglumat bermeýänligini aýtdylar.

Dünýä boýunça dürli ýurtlarda korrupsiýanyň derejesine syn edýän “Global Witness” guramasynyň wekili Tomas Maina Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “WikiLeaks”-iň ýaýradan maglumatarynyň hakykata näderejede gabat gelýänligini takyk aýtmagyň kyndygyny belledi. Emma ol ameirkan diplomatlarynyň Türkmenistan barada birek-birege beýan edýän pikirleriniň gyzyklydygyny aýtdy.

Tomas Mainanyň sözlerine görä, Türkmenistanyň biznes ugry örän gümürtik, bu ilkinji nobatda nebit-gaz hem-de gurluşyk pudaklaryna degişli. Şeýle şertlerde Türkmenistanda gymmatbaha proýektleriň ol ýa-da beýleki bir kompaniýa, şol sanda “Buig” kompaniýasyna tabşyrylmagynyň sebäpleri aýdyň däl, bu ugurda kabul edilýän kararlar şu çaka çenli Türkmenistanyň prezidentiniň garamagynda galýar.

“Euroasia.net” internet saýtynda G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geleli bäri Fransiýanyň “Buig” gurluşyk kompaniýasynyň öz biznesiniň möçberini çürt-kesik artdyranlygy bellenilýär.

Pula durýan duşuşyklar, şertnamalar

“WikiLeaks” saýtyna salgylanyp berilýän maglumata görä, 2008-nji ýylda global maliýe krizisiniň başlanmagy bilen, “Buig” dünýä ýüzündäki işlerini çäklendirmäge mejbur bolupdyr, emma muňa garamazdan, kompaniýa şol ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Türkmenistandaky işgärleriniň sanyny ýene 450 adam artdyrypdyr. Şol sanda prezident bilen duşuşmak we şertnama baglaşmak üçin hökümete para bermek boýunça iş alyp barýan adamlaryň sanynyň hem köpelendigi maglumatda bellenilýär.

“Euroasia.net” neşiriniň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşyk üçin töleýän paralarynyň möçberi 10-15% ýokarlanypdyr, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy bolsa 30%-e çenli ýokarlandyrylypdyr.

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Buig” kompaniýasynyň hereketlerine garşy çykyş etmeýär we bu kompaniýa bilen bagly gürrüňlerden çetde durmaga çalyşýar diýip, “Euroasia.net” neşiri “WikiLeaks”-e salgylanyp, habar berýär.

“WikiLeaks”-iň çap eden diplomatik hatlaryna görä, ABŞ-nyň dünýädäki ýagdaýlara resmi we resmi bolmadyk derejelerde berýän bahalary biri-birinden tapawutlanýar.

“Global Witness” guramasyndan Tomas Mainanyň bellemegine görä, bu Türkmenistanda işleýän beýleki daşary ýurt diplomatlaryna hem degişli. Emma, Tomas Maina häzirki wagtda köpçülige elýeterli bolýan maglumatlaryň nukdaýnazaryndan ABŞ we ÝB Türkmenistan bilen gepleşiklerde öz pozisiýalarynda has berk durmaly diýýär.
XS
SM
MD
LG