Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa 2011-nji ýyldan Owganystandan esgerlerini çykarjak


Düýn Germaniýanyň daşary işleri ministri Guido Westerwelle ýurduň esgerleriniň Owganystandan 2011-nji ýyldan çykyp başlajakdygyny mälim etdi.

Guido Westerwelle bu barada ýurduň parlamentinde eden çykyşynda aýtdy. Şeýle-de, ol 2014-nji ýyla çenli germaniýaly esgerleriň ählisini Owganystandan çykarmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny sözüne goşdy.

Parlamentinde daşary işler ministriniň bu çykyşy uly goldaw bilen kabul edildi.

Häzir Germaniýanyň Owganystanda 4.500 töweregi esgeri bar. Berilýän maglumatlara görä, häzire çenli Owganystanda 44 sany german esgeri ölüpdir.
XS
SM
MD
LG