Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede harby ofiserleriň üstünden sud işi başlandy


Türkiýede düýn ýurtda harby agdarylyşyk etmek synanşygynda aýyplanyp, häzir gullukda ýören we otsawkadaky harby ofiserlerden 200 töwereginiň üstünden sud işi başlandy.

Sud jogapkärçiligine çekilenleriň arasynda ýurduň öňki howa güýçleriniň ýolbaşçysy, başga-da onlarça generallar we admirallar bar.

Olar häkimýetiň başyndaky “Adalat we galkynyş” partiýasyny güýç ulanmak arkaly agdarmak baradaky aýyplamalar boýunça sorag edilýärler.

Şunuň bilen baglylykda aýyplanýanlara 15-den 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilme howpy bar.
XS
SM
MD
LG