Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin M.Hodorkowskini “ogry” diýip häsiýetlendirdi


Düýn Orsýetiň premýer-minstri Wladimir Putin tussaglykda saklanýan orsýetli belli biznesmenlerden biri Mihail Hodorkowskini “ogry” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol “ogrular türmede oturmaly” diýip, sözüne goşdy.

"Men bu barada eýýäm ençeme sapar aýdypdym. Eger-de şunuň bilen baglylykda ýene-de goşmaça zat aýtmaly bolsam, onda men Wladimir Wysotskiniň suratlandyran tanymal personažy ýaly ‘ogrynyň türmede oturmalydygy’ baradaky pikir bilen ylalaşýaryn” diýip, Wladimir Putin telewideniýede göni efirde geçiren ýyllyk sorag-jogap alşygynda nygtady.

Orsýetiň iň baý adamlaryndan biri Mihail Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda aýyplanyp, häzir 11 ýyl türme tussaglygynda saklanýar.

Häzir ol millionlarça tonna nebit ogurlamakda hem aýyplanyp, ikinji gezek sud hökümine garaşýar. Düýn yglan edilmeli bu höküm 27-nji dekabra çenli gaýra süýşürildi.
XS
SM
MD
LG