Sepleriň elýeterliligi

Robert Bleýk Merkezi Aziýa döwletleri barada çykyş etdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.

Robert Bleýk Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen köp ugurly gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda eden tagallalarynyň netijeleriniň geçen ýylyň dowamynda görnüp başlandygyny belledi.

Şeýle-de, ol Gyrgyzystandan başga, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn konsultasiýalaryň geçirlip başlandygyny hem mälim etdi.

Türkmenistanda geçirilýän reformalar barada-da durup geçip, jenap Bleýk şeýle diýdi: “Biz Türkmenistanda geçirilýän syýasy reformalary juda hormatlaýarys. Şeýle-de Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň hökümeti bilen özara gowy gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň dowamynda ýurtda hökümete degişli däl guramalar döredilse, diňe Türkmenistanyň bähbidine boljakdygy bellenildi”.
XS
SM
MD
LG