Sepleriň elýeterliligi

Yrak 2005-nji ýyldan bäri 257 adamy jezalandyryp öldürdi


Yragyň häkimiýetleri 2005-nji ýyldan bäri ýurtda jemi 257 adamyň, şol sanda, 6 aýalyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Yragyň adalat ministriniň orunbasary Buşo Ibrahim bu maglumaty BMG-niň Yragy ölüm jezasyny ýatyrmaga çagyrmagy bilen bagly eden çykyşynda mälim etdi.

Buşo Ibrahim prezident geňeşiniň kararyndan soň, ýakyn wagtlarda ýene 37 adamyň öldürilmeginiň mümkindigini aýtdy. Yragyň içeri işler ministri Jawad al-Bolani Yrakda häzirki wagt ölüm jezasynyň berilmegine garaşyp oturan 835 tussagyň bardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG