Sepleriň elýeterliligi

Eýran tussaglykdaky kinoçynyň garyndaşlaryny tussag etdi


Düýn Eýranyň häkimiýetleri tussaglykdaky dokumental kinoçy Mohammad Nurizadyň maşgala agzalaryny tussag etdi.

Olar Mohammad Nurizadyň türmede saglygynyň ýaramazlaşýandygy baradaky habary anyklamak üçin Tähranyň “Ewin” türmesine baranlarynda tussag edildiler.

Eýranyň oppozision saýty bu wakada kinoçy Mohammad Nurizadyň aýalynyň, oglunyň, iki gyzynyň, ejesiniň we kakasynyň hem doganlarynyň “Ewin” türmesiniň öňüne baran batlaryna tussag edilendigini ýazýar.

Nurizad hökümete garşy propaganda ýöretmekde we Eýranyň ýolbaşçylaryny masgaralamakda aýyplanyp, 3.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG