Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks”: Azerbeýjanyň nebit ýatagynda uly partlama boldy


“WikiLeaks” internet saýtynyň ýaýradan maglumatlarynda 2008-nji ýylyň sentýabrynda “Britiş Petroleum” kompaniýasynyň iş alyp barýan Azerbaýjandaky nebit platformasynda ullakan partlamanyň bolandygy aýdylýar.

“WikiLeaks” saýtyndaky täze diplomatik hatlary bu hadysanyň Azerbaýjandaky iki nebit ýatagynyň ýapylmagyna, birnäçe aýlap ol ýerde nebit önümçiliginiň kesilmegine we azyndan 500 müň barrel nebit eksportynyň kemelmegine sebäp bolandygyny görkezýär.

Amerikan diplomatlarynyň ýazan başga bir gizlin haty bolsa, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň “Britiş Petroleum” kompaniýasyny öz ýurdundan nebit ogurlamakda we Hazar deňzindäki gaz ýataklary bilen bagly kontrakt almak üçin haýbat-şantaž ulananmakda aýyplandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG