Sepleriň elýeterliligi

ÝB ýewrony goramak üçin ähli çäreleri görjegini aýdýar


Düýn Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý Bileleşigiň liderleri ýewro pul birliginiň hümmetini saklamak üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýar diýdi.

Herman Wan Rompuý bu barada ÝB-niň liderleriniň Brýusselde penşenbe güni Lissabon şertnamasyny üýtgetmek barada ylalaşyga gelenlerinden soň eden çykyşynda aýtdy.

Girizilen üýtgetmeler olara bergä batan ýurtlar üçin hemişelik halas ediş planyna ýol açýar. ÝB-niň liderleri entek bu işiň mehanizmi, şol sanda muňa näçe puluň beriljegi barada ylalaşyk baglaşanoklar.
XS
SM
MD
LG