Sepleriň elýeterliligi

Syrly göçüm


Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa

14-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Bägül Çarygulyýewna Nurmyradowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary wezipesine bellenilenine heniz onçakly köp wagt geçmänkä, Bägül Nurmyradowanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri wezipesine bellenilmegi bu wakanyň töwereginde uly gowur döretdi.

Şu ýylyň 19-njy awgustynda ýurduň prezidenti medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygynda «Miras» telekanalyna bäş ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Bägül Nurmyradowany Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary wezipesine belläpdi. Şonda köp kişiler Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowanyň gününiň sanalyp ugralandygy baradaky çaklamalary öňe sürüp başlapdylar.

Şeýle çaklamalar ýöne ýerden däldi. Soňky wagtlarda ýurduň prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Maýsa Ýazmuhammedowanyň adresine köp tankydy bellikleri aýdýardy. Işde goýberen kemçilikleri üçin oňa birnäçe gezek käýinç hem beripdi. Prezidentiň Ýazmuhammedowanyň işinden närazyçylygy ýakyn wagtlarda wise-premýeriň öz wezipesinden çetleşdirlmeginiň ähtimaldygy baradaky çaklamalaryň peýda bolmagyna getiripdi.

On sany wise-premýeriň arasyndaky ýeke-täk zenan bolan Maýsa Ýazmuhammedowanyň wezipe basgançaklaryna galşy gaty täsin galdyryjy. 1994-nji ýylda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlan geljekki wise-premýer 2002-nji ýyla çenli Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işleýär. 2003-2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary, şol mekdebiň müdiri wezipelerinde işlänsoň, ol 2005-nji ýylda Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär.

2007-nji ýylyň ýazynda ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipelerinde 4 aý töweregi işlänsoň, şol ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş pudagy boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär.

Maýsa Ýazmuhammedowanyň wezipe basgançaklary bilen deňeşdireniňde Bägül Nurmyradowanyň hem zähmet ýoly o diýen üýtgeşik däl. Köpler ony diňe meşhur aýdymçy Atabaý Çarygulyýewiň aýal dogany hökmünde tanaýar.

Eger-de on sany wise-premýeriň arasynda zenanlardan-da biri hökman bolaýmaly diýlen prinsip göz öňünde tutulsa, onda Bägül Nurmyradowa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolmaga häzirki wagtda ýeke-täk kandidat hasaplanyp bilner.

Elbetde, prezidentiň bu syrly göçümini takyk kesgitlemek aňsat däl. Bägül Nurmyradowanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri wezipesine bellenilmeginiň geljekde onuň başgarak wezipelere geçirilmeginiň ähtimaldygyny hem göz öňünde tutmak bolar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG