Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan açylmaga çalyşýar


Türkmenistanyň baş diplomatlary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Aşgabat, 17-nji dekabr, 2010.
Türkmenistanyň baş diplomatlary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Aşgabat, 17-nji dekabr, 2010.

17-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada ýurduň resmi mediasy habar berýär.

Ýurduň daşary syýasatyna düýpli üns çekilen bu mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýat häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Daşary işler ministriniň täze orunbasary Myrat Nazarow, 17-nji dekabr.
Mejlisiň başynda Berdimuhamedow Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetine degişli ýerlerde ekilen agaç nahallarynyň ýaramaz ideg edilmegine we olaryň köpüsiniň guramagyna ýol berenligi üçin, bu uniwersitetiň rektory Gurbandurdy Mämmetgulyýewi wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine uniwersitetiň prorektory Döwletgeldi Myradowy wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip belledi.

Mundan başga hem prezidentiň karary bilen Toýly Kömekow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Türkmenistanyň Hytaý Halk respublikasyndaky ilçisi Myrat Sapargeldiýewiç Nazarow bellenildi.

Daşary syýasat üns merkezinde

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow ýurduň daşary syýasaty bilen bagly meseleler babatda aýratyn durup geçdi hem-de Türkmenistanyň häzirki döwürde anyk ýörelgelere esaslanýan “köptaraply toplumlaýyn” daşary syýasaty alyp barýandygyny nygtady.

Berdimuhamedow Birleşen Milletler guramasynyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýdyp, geljekde bu gurama bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça geňeşiniň agzalygyna öz kandidaturasyny hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da prezident geljek ýylda BMG-niň birnäçe esasy edaralary ýerleşýän Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň şol guramanyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyny açmak baradaky meseläni çözmelidigini aýtdy. BMG-niň Ženewadaky edarasy ululygy boýunça Nýu Ýorkdaky edarasyndan soň ikinji ýerde durýar. Bu ýerde her ýyl 8,000-e golaý ýygnakdyr duşuşyklar geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda Goşulyşmazlyk hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Konferensiýasy guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýeterlik ünsüň berilmelidigini hem belläp geçdi.

“Oýlanyşykly açylyş”

Türkmenistanyň dünýäniň onlarça ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýandygyny aýdyp, Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrmagyň, geografiýany giňeltmegiň Türkmenistanyň esasy düýp maksady däldigini mälim etmek bilen, bu işiň oýlanyşykly amala aşyrylýandygyny nygtady.

Daşary işler ministri Raşid Meredow hökümet maslahatynda, 17-nji dekabr.
Ýurduň diplomatik korpusynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen Berdimuhamedow Türkmenistanyň ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem Berdimuhamedow ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň Arap dünýäsiniň döwletleriniň Türkmenistana bolan barha artýan gyzyklanmasyny hem nazara alýandygyny aýratyn belledi.

Berdimuhamedow Latyn Amerikasynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmelidigini öňe sürmek bilen, Braziliýa, Meksika, Argentina döwletlerinde Türkmenistanyň ilçilerini bellemek barada oýlanmaga wagtyň gelip ýetendigini nygtady hem-de ýurduň daşary işler ministri R.Meredowa bu meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda medeni hyzmatdaşlygyň juda möhümdigini öňe sürmek bilen, Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky her bir ilçihanasynda medeniýet attaşesi wezipesini girizmek meselesini öwrenmelidigini belledi we bu wezipä ýörite hünär başarnygy bolan adamlaryň saýlanylyp alynmalydygyny aýtdy.

Täze teklip

Ýurduň daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanda halkara we sebit barlaglarynyň milli syýasatşynaslyk merkezini döretmek meselesini öwrenmekligi teklip etmek bilen, prezident bu merkeziň dünýäniň syýasatşynaslar we žurnalistler guramalary bilen gatnaşyklary saklamak arkaly Türkmenistanyň halkara derejesini we sebitde alyp barýan syýasatynyň dürli meseleleri boýunça garaýyşlaryny daşary ýurtlarda jemgyýetçilige ýetirmek wezipesini ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

Halkara we sebit barlaglarynyň milli syýasatşynaslyk merkeziniň döredilmeginiň dünýädäki bolup geçýän wakalar, Türkmenistanyň şol wakalardaky orny hakyndaky anyk we dogry pikirleri ýöretmäge, ýurduň bähbitlerini gorap çykyş etmäge mümkinçilik berjekdigini prezident mejlisde belledi.

Häzirki wagtda halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi we dünýä metbugaty üçin iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hökmünde görkezilýär. Ýurtda syýasatşynaslaryň, ekspertleriň we garaşsyz žurnalistleriň erkin işlemek mümkinçilikleri çäklendirilen. Dünýädäki bolup geçýän wakalar baradaky habarlar we maglumatlar bolsa ýurduň resmi metbugatlarynda çap edilmeýär.

Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň hasabyna 2009-njy ýylda çykarylan gara reňkli, öň ulanyşda bolmadyk «Mersedes-Bens» E-300 kysymly awtoulaglary diplomatlara muzdsuz bermek barada buýruga gol çekdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG