Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýanyň polisiýasy “WikiLeaks”-iň işinde jenaýat görenok


Düýn Awstraliýanyň polisiýasy “WikiLeaks” internet saýtynyň Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik maglumatlaryny ýaýratmagy bilen ýurtda hiç hili kanunyň bozulmandygyny aýtdy.

“WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Awstraliýanyň raýaty bolandygy üçin, Awstraliýanyň polisiýasyna “WikiLeaks” internet saýtynyň işini derňemek tabşyrlypdy.

Awstraliýanyň premýer-ministri Julia Gillard Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik maglumatlarynyň ýaýradylmagyny “gödek we jogapkärçiliksiz” hereket diýip häsiýetlendirdi.

"Men köp adamyň ‘WikiLeaks’-iň işini juda goldaýandygyny bilýärin. Men anyk aýdyňlaşdyraýyn - men muny goldamaýaryn. Bu, meniň pikirimçe, gödek we jogapkärçiliksiz hereket” diýip, düýn Julian Gillard metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Penşenbe güni Britaniýanyň sudy Julian Assanjy girewine pul goýmak şertinde tussaglykdan boşatmagy karar etdi.
XS
SM
MD
LG