Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan MTS-iň lisenziýasynyň möhletini bir aý togtadýar


“Roýter” habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň hökümeti Orsýetiň MTS öýjükli telefon kompaniýasynyň iş lisenziýasynyň möhletini bir aý togtadypdyr. Bu togtatma 21-nji dekabrdan güýje girer. MTS-iň häzirki lisenziýasynyň möhleti 2012-nji ýylyň 1-nji fewralynda tamamlanmalydy.

Çaklamalara görä, Türkmenistanyň hökümeti MTS kompaniýasynyň girdejisinden töleýän pulunyň has köp bölegini almak isleýän bolmagy mümkin. Häzirki wagt MTS girdejisiniň 20 prosentini Türkmenistanyň býujetine geçirýär.

MTS kompaniýasy eýýäm ikinji gezek Merkezi Aziýa regionynda şeýle problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bäş ýyl mundan owal MTS kompaniýasy Gyrgyzystanyň iň uly operatory “Bitel” kompaniýasyna bolan eýeçilikden mahrum edilipdi. Şunuň bilen baglylykda, sud işi entegem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG