Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz parlamenti ýurduň premýer-ministrini saýlady


Düýn giçlik parlament tarapyndan Gyrgyzystanyň premýer-ministri wezipesine saýlanan Almazbek Atambaýew Amerikan güýçleriniň tranzit üçin Gyrgyzystanyň territoriýasyny ulanmaklary baradaky ylalaşygyň ýene azyndan dört ýyl öz güýjünde galjakdygyny aýtdy.

Mundan daşary, “Sosial-Demokratik” partiýasynyň lideri Almazbek Atambaýew ýurduň täze premýer-ministri hökmünde özüniň ilkinji sapar etjek daşary döwletiniň Orsýet boljakdygyny mälim etdi.

Parlamentde geçirilen düýnki ses berişlikde “Respublika” partiýasynyň lideri Ömürbek Babanow premýer-ministriň birinji orunbasary wezipesine saýlandy.

Mundan daşary, Ruslan Kazakbaýew daşary işler ministri, Žarylbek Rysaliýew içeri işler ministri, Çorobek Imaşew bolsa maliýe ministri wezipelerine saýlandylar. Maglumata görä, Gyrgyzystanyň täze hökümetinde 18 sany ministrlik we 3 sany döwlet komiteti bolar.

Düýnki ses berişlikde hökümetdäki käbir beýleki wezipelere-de wekilleriň saýlanandygy habar berildi. Ýöne anyk haýsy wezipä kimiň saýlanandygy barada häzirlikçe maglumat alynmady.

Şondan bir gün öň deputatlar «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Ahmatbek Keldibekowy hem parlamentiň spikeri wezipesine saýlapdylar. Bu soňky öňegidişlik hepdäniň çarşenbe güni “Respublika”, “Sosial-Demokratik” we “Ata-Žurt” partiýalarynyň özara ylalaşyp, parlament koalisiýasyny döretmekleriniň netijesinde mümkin boldy.
XS
SM
MD
LG