Sepleriň elýeterliligi

Belarus prezidentini saýlaýar


Ses berip çykanlardan soralyp alnan maglumatlara görä Aleksandr Lukaşenko sesleriň 72% gowragyny alypdyr.

Ses berip çykanlardan soralyp alnan maglumatlara görä Aleksandr Lukaşenko sesleriň 72% gowragyny alypdyr.

Şu gün Belarusda prezident saýlawlary geçirilýär. Ýurduň birinji kürsüsine 16 ýyl bäri ýurda baştutanlyk edýän häzirki prezident Aleksandr Lukaşenkodan başga-da dokuz kandidat dalaş edýär. Olaryň aglabasy oppozisiýadan.

Ses berip çykanlardan soralyp alnan maglumatlara görä Aleksandr Lukaşenko sesleriň 72%-den gowragyny alypdyr. Ikinji we üçünji orunlarda oppozision kandidatlar Andreý Sannikow we Wladimir Neklaýew çak bilen 4%-den ses alypdyr.

Soňky resmi maglumatlara laýyklykda, saýlawçylaryň üçden iki bölegi ses beripdir. Käbir saýlaw uçkastoklarynda ses berişlik tamamlandy.

Oppozisiýadan prezidentlige kandidatlar ses berişligiň netijeleriniň gaplaşdyryljakdygyny çaklaýarlar we saýlaw uçastoklary ýapylan badyna saýlawçylary Minskiniň baş meýdanyna täze saýlawlar geçirmegi talap edip çykmaga çagyrýarlar. Oppozisiýa şol aksiýanyň parahatçylykly boljakdygyny aýdýar.

Öň Belarusyň daşary işler ministriniň orunbasary bolan we 1996-njy ýylda Lukaşenko garşy oppozisiýa geçen Andreý Sannikow Merkezi saýlaw komissiýasynyň Lukaşenkonyň peýdasyna netijeleri yglan etjegini öňe sürdi.

“Häzirki ýaly kandidatlaryň sany köp bolsa, islendik kadaly ýurtda awtomatik ýagdaýda ikinji tapgyr saýlawlar geçirilmeli. Bize ikinji tapgyr saýlawlar bolmaz diýýärler, ol durşy bilen ýalan hem galplyk. Biz oňa garşy çykyş edýäris”diýip, A. Sannikow aýtdy.



Oppozisiýanyň aksiýa geçirjek ýerine - Minskiniň Oktýabr meýdanyna içerki goşunlaryň esgerleri bilen bronlanan MAZ maşynlarynyň getirilýändigi barasynda maglumatlar gowuşýar.

Oppozision kandidat Wladimir Neklaýew eger Oktýabr meýdanynyň daşy milisiýa we goşun tarapyndan gabalsa, bäş oppozision kandidatyň mitingi başga ýere geçirip, hiç bir garşylyga garamazdan aksiýa gurnajakdygyny žurnalistlere aýtdy.

Ýöne Belarusyň häkimiýetleri kanuna ters gelýän islendik hereketiň öňüniň berk alynjakdygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG