Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň polisi Minskde müňlerçe protestçini dargytdy


Düýn Belarusyň paýtagty Minskde prezident saýlawlarynyň yzýany polisiýa protestçilere garşy dürre ulandy. Protestçiler Aleksandr Lukaşenkonyň täzeden prezident saýlanmagyna närazylyk bildirdiler.

Oppozisiýanyň müňlerçe tarapdarlary hökümetiň esasy binasyny zabt etmäge synanyşyp, onuň penjireleriniň we gapylarynyň aýnasyny döwdüler. Olar ýekşenbe günki prezidentlik saýlawlarynda A.Lukaşenkonyň bähbidine köpçülikleýin galplyklaryň bolandygyny öňe sürdüler.

Emma, polisiýa olaryň hüjümini yzyna gaýtardy. Wakada onlarça protestçiniň ýaralanandygy habar berildi. Düýn bu wakanyň yzy bilen giçlik polisiýa Minskdäki Garaşsyzlyk meýdançasyny protestçilerden doly arassalady.

Oppozisiýanyň bu saýlawlardaky kandidaty Wladimir Nekliýaýewiň bu wakalarda ýaralanandygy üçin keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, düýnki saýlawlara ses bermäge hukugy bolan ilatyň 90 prosentden gowyragy gatnaşypdyr. Deslapky maglumatlarda A.Lukaşenkonyň öz garşydaşlaryndan uly tapawut bilen ýeňiş gazanandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG