Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aprel wakalary boýunça Bişkekde täzeden sud işi başlanýar


Şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde apreldäki protestlere gatnaşyjylara garşy ok atanlaryň işi boýunça täzeden sud işi başlanar diylip garasylyar. Şol wakalar ýurtda häkimiýet çalşygyna getiripdi.

Bu günki sud diňlenişigi pugta howpsuzlyk çäreleriniň görülmegi bilen geçer. Mundan owal sud diňlenişigi sport köşgünde bolupdy. Emma, ol ýerde 30-njy noýabrda partlama bolandan soňra, sud prosesi gaýra süýşürildi.

Sudda 28 adamyň işine garalýar, olardan 6-sy heniz gözlegde. Gaýybana aýyplanýanlaryň arasynda öňki prezident Kurmanbek Bakyýew hem bar.

Resmi maglumatlara görä, 7-nji apreldäki wakalarda alan ýarasyndan 87 adam ölupdir we 300 çemesi adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG