Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülbeddin Hikmetýar TOPH proýektini goldap çykyş edýär


Düýn Owganystanyň öňki premýer-ministri Gülbeddin Hikmetýaryň ýolbaşçylyk edýän “Hezbi-Yslami” topary türkmen gazyny Hindistana ýetirjek Trans-owgan gaz geçirijisiniň gurluşygyny doly goldaýandygyny aýtdy.

“Hezbi-Yslami” topary şol geçirijini meýletinlikde goramaga kömek etjekdigini hem mälim etdi. Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan gazgeçirijiniň gurluşygy baradaky deslapky ylalaşyga 11-nji dekabrda Aşgabatda gol goýlupdy.

Emma, “Hezbi-Yslami” topary bu geçirijiniň geçjek ýolunyň aglabasyna kontrollyk etmeýär. Bu geçiriji, esasan, Talyban guýçleriniň kontrollygyndaky Kandagar we Helmend welaýatlarynyň üstünden geçer.
XS
SM
MD
LG