Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň türgenleşikleri Phenýany alada goýdy


Günorta Koreýanyň harbylarynyň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýa bilen serhetdäki Ýenpýong adalarynda top atyş türgenleşikleri tamamlanypdyr.

Muňa garşylyk hökmünde, Demirgazyk Koreýa şol adalaryň özüniňkidigini ýene nobatdaky gezek öňe sürdi. Şeýle-de, ol indiki türgenleşiklere özüniň degişli çäreler bilen jogap berjekdigini duýdurdy.

Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Kim Young-sun Demirgazyk Koreýanyň bu aladalaryny ýerliksiz edip atlandyrdy.

"Ýenpýong adalarynda geçirlen atyşyk türgenleşikleri öz suwlarymyzy we territoriýamyzy goramak maksady bilen dowamly we delillendirilen görnüşde geçirilýär. Şu sebäpli bu biziň özbaşdaklyk meselämizdir” diýip, Kim Young-sun şu gün çykyş etdi.

23-nji noýabrda Demirgazyk Koreýanyň Ýenpýong adalaryna ot açmagy sebäpli sebitdäki ýagdaýlar dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG