Sepleriň elýeterliligi

Meksikada nebit geçirijiniň partlamagynda azyndan 28 adam öldi


Meksikada nebit geçirijiniň partlamagy sebäpli azyndan 28 adamyň ölendigi habar berilýär. Bu partlama düýn giçlik Meksikanyň San Martin Teksmelukan atly ilatly punktda boldy.

Berilýän maglumatlara görä, bu partlamanyň netijesinde ýogalan 28 adamdan 13-si çagalar.

Resmileriň aýtmagyna görä, häzirlikçe bu partlamanyň döremegine näme sebäp bolandygy derňelýär.

Bu nebit geçiriji Meksikanyň döwlet eýeçiligindäki Petroleos Mexicanos kompaniýasyna degişli.
XS
SM
MD
LG